Türkmenistanyň agrosenagat toplumy, öz baýlyklaryndan has doly peýdalanmaga, birinji derejeli import harytlarynyň ornuny tutýan we oba hojalyk önümlerini eksport etmäge ugrukdyrylan täze islendik bäsdeşlige ukyply bolan pudaklary döretmäge gönükdirilen önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir.
"Sapaly ýollar" HK-nyň maldarçylyk toplumy paýtagtyň we ýurduň beýleki sebitleriniň ilatyny iň möhüm önümler - et we süýt bilen üpjün etmek maksady bilen, 2016-njy ýylda Aşgabadyň eteginde gurnaldy.
Maldarçylyk toplumy 5 gektar meýdany eýelemek bilen, bu ýerde üsti ýapyk ýataklar we mal agyllary, ammar jaýlary, işçiler üçin ýaşaýyş jaýy we dolandyryş binasy ýerleşýär. Kärendesine alnan çäkleriň galan bölegi gyş we ýaz iýmini ösdürip ýetişdirmek üçin işjeň ulanylýar. Kärhanamyz et we süýt önümlerini öndürmekde öňderbaryjy ýurtlaryň iň täze sanly tehnologiýalaryny ornaşdyrýar.