Toparlaýyn hyzmat etme - iş saparlaryny gurama
«Sapaly ýollar» HK iş saparlaryny guramakda hyzmatlaryň giden toplumyny: uçar biletlerini öňünden sargyt etmekden başlap, uly möçberli köp sanly gatnaşyjyly göçme okuw maslahatlary geçirmek bilen bagly hyzmatlara çenli ýöriteleşendir.
Goşmaça maglumatlarÇäreleri guramak işine nämeler degişli bolup biler?
Iş saparlaryny meýilleşdirme we gurama
Iş saparlaryny ýa-da toparlaýyn syýahaty meýilleşdirmekde we guramakda, Siziň dykgatyňyza zerur hyzmatlaryň doly bukjasy hödürleniler:
- Gerek sene üçin uçar biletlerini (demir ýol biletlerini) öňünden sargyt etme we satyn alma, saparlaryň ugurlaryny we gabatlaşmalaryny işläp taýýarlama
- Myhmanhanany saýlap alma, öňünden sargyt etme we ýerleşme
- Iş/işewür wizalary taýýarlama
- Islendik transferleri (myhmanhana-uçar menzili), ulag hyzmatlaryny gurama
- Uçar menzilinde VIP hyzmatlary üpjün etme
- Gije-gündiziň dowamynda maglumat goldawyny we şahsy menežeriň hyzmatlaryny üpjün etme
- Uçar biletlerini we wauçerleri mugt eltip berme
- Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny taýýarlama
Çäreleri guramak işine nämeler degişli bolup biler?
Kompaniýalar üçin işewür çäreler
Çäreler guralanda garaşylmadyk we çylşyrymly meseleleriň ýüze çykmagy seýrek bolmaýar. Çäreleriň tertibine täsir etmezden bu meseleleriň haýal etmän çözülmegi çäreleriň guramaçylary üçin birinji derejeli ähmiýete eýedir.
- Maslahatlar
- Okuw maslahatlary we treningler
- Ýygnaklar
- Müdirleriň geňeşleri we gepleşikler
- Tanyşdyryş çäreleri we lançlar, kofe-arakesmeleri,
- Tegelek stollar
- Sergiler
Çäreleri nähili geçirýäris?
1
Meýilnamany işläp taýýarlama
“Iwent-menežment” (Event Management) – bu kärhanalar ýa-da şahsy taraplar üçin çäreleri guramaklykdyr.
2
Oňaýlylygy üpjün etme
Müşderileri zerur ýazmaça we dilden maglumatlar bilen üpjün etme, olara maslahat berme.
3
Gepleşikleri geçirme
Müşderiniň meýilleşdirilýän çäre barada isleglerini anyklamak üçin müşderiler bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirme.
4
Toparlaýyn iş
Çärelere görülýän taýýarlygyň tizligini we hilini kesgitleýän toparlaýyn iş we kärhanada kesgitlenen we kabul edilen düzgünlere eýerme.
5
Çäreleri utgaşdyrma
Çäreleriň maksatlaryny we degişli gatnaşyjylary kesgitleme.