Köp edaralar üçin dürli görnüşli çäreleri geçirmek adaty iş tejribesi bolup durýar. Çäreleri guramak we dolandyrmak çylşyrymly mesele bolup biler, çünki onuň üçin birnäçe endikleriň we ýörite bilimleriň bolmagy zerurdyr.
“Iwent-menejment” (Event Management) adalgasy – bu kompaniýalar ýa-da şahsy taraplar üçin çäreleri guramaklygy aňladýar. Munuň dürli çäreleri meýilleşdirmek we geçirmek boýunça hereketleriň giden bir toplumydygyny bellemek zerurdyr. Iwent-menejment – bu durmuş ýa-da iş maksatlary üçin dürli köpçülikleýin we şahsy çäreleri meýilleşdirmek we geçirmek işidir. Bu çäreler gerimi boýunça uly ýa-da kiçi bolup, olara iş konferensiýalary, okuw maslahatlary, pudaklaýyn konferensiýalar, söwda sergileri, dabaraly çäreler, konsertler, festiwallar we press konferensiýalar degişli bolup biler. Işiň bu görnüşi gurnalýan çäreleriň özboluşly, netijeli hem täsirli bolmagy üçin wajypdyr. Aslyýetinde, bu haýsydyr bir taslamany başdan-aýak alyp barmagyň kesgitli tertibidir. Edil islendik başga bir taslama mahsus bolşy ýaly, çärelere-de başlangyç we tamamlaýyjy tapgyrlar mahsusdyr.
Çäreleri guramak bilen meşgullanýan kärhanalar we guramalar dürli ugurlarda, şol sanda, korporatiw çäreleri (täze harydyň çykarylmagy, press konferensiýalar, korporatiw duşuşyklar we konferensiýalar) geçirmek, marketing maksatnamalary (uly göwrümli tanyşdyryş dabaralary we ş.m.) we konsertler, sylaglama dabaralary, filmleriň ilkinji görkezilişi, modalaryň görkezilişi, täjirçilik çäreleri we ş.m. ýaly ýörite çäreleri guramakda hyzmatlaryny hödürleýärler.