Çäreleri dolandyrmak işi kompaniýanyň çäreleri deslapky göz öňüne getirip bilmäge we üstünlikli geçirmäge bolan ukyplylygynda wajyp orun tutýar, çünki bu çäreleriň kompaniýanyň jemgyýetçilik tarapyndan kabul edilşine we onuň işine täsir edip bilmegi mümkin, çäreleriň başarjaň guramaçylary ähli pudaklarda uly islegden peýdalanýarlar. Bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmek üçin, çäreleriň guramaçylary aýratyn başarnyklara eýe bolmalydyrlar. Çäreler guralanda garaşylmadyk we çylşyrymly meseleleriň ýüze çykmagy seýrek däldir. Çäreleriň tertibine täsir etmezden bu meseleleriň haýal edilmän çözülmegi çäreleriň guramaçylary üçin birinji derejeli ähmiýete eýedir.
Çäreleri meýilleşdirmek, guramak we geçirmek – bu çäreleriň guramaçylaryndan ähli döredijilik, tehniki we logistik meselelere gözegçilik etmegi talap edýän juda çylşyrymly iş bolup biler. Çäreleri üstünlikli geçirmek indikileri göz öňünde tutýar:
- Ilkinji nobatda, çäräni geçirmegiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek bilen, öňünçä onuň meýilnamasyny düzmek, şeýle-de tutuş çäräniň ykbalyny çözüp biljek jikme-jik we ownuk-uşak meseleleri öwrenmek;
- Müşderilere zerur ýaşmaça we dilden maglumatlary we maslahatlary bermek;
- Geçiriljek çäre boýunça müşderiniň isleglerini, onuň talaplaryny, şeýle-de çäräniň maksatnamasyny tassyklamak, oňa gatnaşjak adamlaryň toparlaryny anyklamak üçin müşderiler bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek;
- Çärä görülýän taýýarlygyň tizligini we hilini kesgitleýän toparlaýyn iş we kompaniýada kesgitlenen we kabul edilen düzgünlere eýermek;
- Çäräni utgaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek.