Şu günki günde terjimäniň iň bir belli görnüşleriniň biri hem şahsy resminamalaryň terjimesidir. Biziň her birimiz durmuşda iň bolmanda bir gezek resminamalary daşary ýurt diline terjime etmek zerurlygyna duşandyr. Ol ýaşamak üçin ygtyýarnamany resmileşdirmek üçin ilçihana we konsullyga resminamalar berilende, daşary ýurtda işe girilende, familiýa çalşylanda, miras meseleleri çözülende we ş.m. gerek bolup biler. Eger-de resminama onuň berilmeli ýurdunyň döwlet diline terjime edilmedik bolsa, ol ýerde onuň hukuk güýji bolmaz. Hut şol sebäpden hem şahsy resminamalaryň terjimesi örän möhümdir — hat-da ujypsyzja ýalňyşlyk hem gerekli resminamalaryň resmileşdirilmegi bilen bagly meselelere sebäp bolup biler.
Biz indiki görkezilen şahsy resminamalaryň terjimelerini ýerine ýetirýäris:
- ýerli we daşary ýurt pasportlary;
- nika baglaşylandygy hakynda, dogluş hakynda, nikanyň bozulandygy hakynda, ölüm hakynda şahadatnamalar;
- zähmet depderçesi;
- diplomlar, şahadatnamalar we olaryň goşundylary;
- harby bilet;
- kazyýet jogapkärçiligine çekilmändigi barada, ýaşaýan ýeri hakynda, okuw we iş ýerinden, saglyk ýagdaýy barada kepilnamalar;
- maglumat (rezýume);
- çagalary daşary ýurda alyp gitmäge berilýän razylyk hatlary;
- sürüjilik şahadatnamasy;
- öýe, ýere, ulaga degişli eýeçilik resminamalary we ş.m.
Biz resminamalary dürli dillere terjime etmäge taýýar. Biziň kärine ökde terjimeçilerimiz ýokary derejedäki takyklygy, tizligi we ussatlygy kepillendirýärler.
Biziň artykmaçlyklarymyz
Biz müşderilerimizden gelip gowşan ähli resminamalara aýawly çemeleşjekdigimizi we olaryň abatlygyny kepillendirýäris. 9 ýylyň dowamynda biziň Terjime merkezimiz ýurtdaky öňdebaryjy orunlara çykdy. Hyzmatlarymyzyň bahalary aňrybaş derejede elýeterli bolup, olar terjimäniň kynçylygyna, gyssaglylygyna we diline laýyklykda emele getirildi.