Biziň kompaniýamyzyň köp ýyllyk tejribesi islendik meseläni gysga wagtyň içinde netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
✓ Ynanç hatlarynyň we şahadatnamalaryň terjimesi
Ynanç hatlarynyň we şahadatnamalaryň terjimesi, resminamalaryň ulanyljak ýurdunyň kanunçylygyny berjaý edip, ýerine ýetirilmeli çylşyrymly işdir.
Terjime edilende adalgalary takyk bermek we resminamanyň asyl görnüşini saklamak möhümdir. Hukuk resminamalarynyň terjimelerine diňe uzak wagtyň dowamynda üstünlikli hyzmatdaşlygy bilen öz tejribelerini iş ýüzünde subut eden hünärmenleri çekýäris.
Şeýle hem, biz resminamalaryň kepillendirilmegine ýardam etmäge we daşary ýurtlarda ulanmak üçin hukuk güýjüne eýe bolmagyna kömek etmäge taýýardyrys.
✓ Kanunlaryň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň terjimesi
Hukuk resminamalarynyň terjimeçileriniň bilimlerini kämilleşdirýändiklerine, kanunçylykdaky üýtgeşmeleriň taryhyny öwrenýändiklerine we özleriniň kanunlar ulgamynyň söz baýlyklaryny giňeldýändiklerine üns bilen gözegçilik edýäris. Kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary ýokary çylşyrymlyk derejesindäki resminamalardyr, sebäbi terjimede sähelçe ýalňyşlygyň goýberilmegi hem garaşylmadyk netijelere sebäp bolup biler.
“Sapaly ýollar” HK-da hünärmenleriň ygtybarly topary döredilip, olar resminamany diňe bir terjime etmek bilen çäklenmän, ony birnäçe tapgyryň dowamynda barlaýarlar.
✓ Şertnamalaryň we ylalaşyklaryň terjimesi
Gürrüň täjirçilik geleşikleri ýa-da maýa goýumlaryny çekmek barada gidýän wagty, olary düzetmek üçin asla salym bolmaýar. Adatça, müşderiniň maliýe taýdan netije gazanmagy we belli bir derejede abraýa eýe bolmagy şertnamalaryň we ylalaşyklaryň terjimesiniň tizligine we takyklygyna bagly bolup durýar. Biz işewürlik ugrunyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýarys, şonuň üçin terjime edilmeli resminamalary diňe tejribeli terjimeçilere berýäris. Ahyrynda terjimede ýalňyşlyklaryň bolmazlygy üçin terjime edilen resminamanyň redaktor tarapyndan hem barlanjakdygyny kepillendirýäris.
✓ Kompaniýalaryň esaslandyryş resminamalarynyň terjimesi
Halkara bazaryna çykmagy we daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga başlamagy maksat edinýän kompaniýalar üçin biz tertipnamalary yzygiderli terjime edýäris. Biziň hünärmenlerimiz hukuk we maliýe meselelerinden gowy baş çykarýarlar. Özümiziň köpýyllyk abraýymyz we müşderilerimiziň abraýy biziň üçin gymmatlydyr. Şol sebäpden hem, işiň ýokary derejede ýerine ýetiriljekdigini uly ynam bilen kepillendirýäris.
✓ Kazyýet terjimesi
“Sapaly ýollar” terjime merkezinde kazyýet resminamalaryny özüňize gerek bolan dile terjime etdirip bilersiňiz. Biz kazyýet terjimesiniň hünär bilimi we kazyýet terjimeleri çygrynda tejribesi bolan kärine ökde dilçi tarapyndan ýerine ýetiriljekdigini kepillendirýäris.