✓ keselleriň taryhy, hassahanadan çykaryş epikrizleri (göçürmeler we şahsy häsiýetli lukmançylyk resminamalary)
✓ barlaglaryň, derňewleriň, kazyýet-lukmançylyk bilermenler seljermesiniň we kesip görmegiň netijeleri
✓ lukmançylyk bilermenleriň netijeleri
✓ keselleriň taryhyndan göçürmeler
✓ lukmançylyk kepilnamalary
✓ kliniki barlaglar
✓ lukmanyň görkezmeleri
✓ ätiýaçlandyryş öwez tölegini almak hakynda arzalar
Edaralar üçin
✓ lukmançylyk serişdeleriniň, materiallarynyň we enjamlarynyň häsiýetnamalarynyň beýan etmesi
✓ serişdeleri ulanmak boýunça gollanmalar, laýyklyk şahadatnamalary
✓ kliniki barlaglaryň teswirnamalary
✓ materiallaryň howpsuzlyk şahadatnamalary
✓ serişdeleri ulanmak boýunça gözükdirijiler
✓ marketing materiallary
✓ lukmançylyk we derman serişdeleri hakynda makalalar
✓ enjamlaryň ulanyş gollanmalary
✓ lukmançylyk işgärleri üçin gollanmalar we programma üpjünçiligi
✓ patent resminamalary we köp gaýry resminamalar
Dil biliminiň iň çylşyrymly we aýratyn häsiýete eýe bolan bölümi lukmançylyk ugry boýunça terjimedir. Resminamalarda beýan edilýän maglumatlar hassanyň saglygyna we onuň mundan beýläkki sag-salamatlygyna degişlidigi sebäpli, bu iş diňe bir dili erkin bilmeklige däl-de, eýsem häzirki zaman hünär adalgalary we kesgitlemeleri boýunça bilimi hem talap edýär.
“Sapaly ýollar” HK-nyň kämil derejede lukmançylyk terjimesini amala aşyrmakda uly tejribesi bar. Bizde ýöriteleşdirilen bilime eýe bolan hünärmenler zähmet çekýärler.
Lukmançylyk häsiýetli terjimeler bilen bejergi ýa-da maslahat almak üçin daşary ýurda gitmekçi bolanlarynda, lukmançylyk edaralary we derman serişdelerini öndürýän kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak, enjamlar bilen üpjün etmek we ş.m. kömek soramak üçin biziň terjime merkezimize ýüz tutýarlar. Mundan başga-da, biziň hünärmenlerimiz ylmy dissertasiýalary, hasabatlary we makalalary terjime etmek boýunça hem üstünlikli işleýärler.
Lukmançylyk ugry boýunça terjimeçiniň ähmiýet bererden juda ujypsyz ýaly bolup görünýän ýalňyşlygynyň hem adamyň janyna we saglygyna uly howp salyp biljekdigini unutmaly däldir. Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş ulgamynyň resminamalarynyň köpüsi çylşyrymly bolup, bu ugurda has giň we çuň bilimleri talap edýär. Biziň hünärmenlerimiz kesgitlemeleriň we adalgalaryň nädogry bolmagyndan we olaryň ýoýulmagyndan gaça durup, terjimäni asyl nusga takyk laýyk getirmek bilen işleýärler.