Dilden terjime hyzmatlary
Islendik halkara duşuşygynda dilden terjime ulanylýar. Kärine ökde dilçi diňe bir dil bilimlerine eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem diňleýjiler bilen aragatnaşyk saklamagy, ýagdaý birden üýtgän mahaly ondan baş alyp çykarmagy başarmalydyr. Duşuşyga gatnaşýan žurnalistleriň ýa-da diňleýjileriň her biri çykyş edip durana sorag berip ýa-da çykyşynyň bir ýerini takyklamak üçin onuň gürrüňini bölüp biler. Kämil terjimeçi dörän ýagdaýdan derrew baş alyp çykyp, maglumaty jemlemelidir we işini dowam etdirmelidir.
✓ Şahsy tertipde dilden yzygiderli we sinhron terjime etmek hyzmatlary;
✓ Resmi çäreleriň (forumlaryň, brifingleriň, ýokary derejedäki duşuşyklaryň) dilden terjimesi;
✓ Dilden terjimeçiniň resmi däl çärelere (banket-dabaralar, furşetlere we ş.m.) gatnaşmak hyzmaty;
✓ Dilden terjimeçiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçirilýän gepleşiklere (iş gepleşikleri, “boýunbagsyz” duşuşyklara we ş.m.) gatnaşmak hyzmaty;
"Sapaly ýollar" HK-nyň terjime merkezi aşakdaky çäreleri geçirmek üçin dilden terjime etmek hyzmatlaryny hödürleýär:
✓ tanyşdyryşlar;
✓ duşuşyklar;
✓ okuw maslahatlary;
✓ konferensiýalar;
✓ hyzmatdaşlar bilen gepleşikler we ş.m.
Biziň hünärmenlerimiziň arasynda diňe bir iň köp ýaýran dilleri däl, eýsem seýrek ulanylýan dilleri, mysal üçin, Aziýa ýurtlarynyň dillerini bilýän hünärmenler hem bar. Dilden terjimeçini saýlap alanymyzda, geçiriljek çäräniň derejesini we onuň haýsy ugra bagyşlanýandygyny, geçiriljek ýerini, gatnaşyjylaryň sanyny we başga-da köp zatlary göz öňünde tutýarys. Bu bolsa islenýän netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär: hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama ýa-da ylalaşyga gol çekilýär, karzlaşdyrmak meselesi oňyn çözülýär, işde gulluk derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýär ýa-da şahsy duşuşygyň şowly geçmegine ýardam edýär.
Dilden terjimäniň görnüşleri
Terjime etmegiň iki usuly ulanylýar:
✓ yzygiderli (biriniň yzyndan terjime etmek);
✓ sinhron (sözleýji gürläp duran wagty onuň sözüni terjime etmek);
Birinjisi çykyş edýäniň ýörite arakesmelerinde ýerine ýetirilýär we diňleýjileriň uly bolmadyk topary bilen söhbetdeşlik edilende ulanylýar. Gysga arakesmelerde dilden terjimeçi aýdylanlary has takyk beýan etmek üçin bellikleri etmäge synanyşýar.
Eger-de diňleýjiler köp, çykyş bolsa uzyn wagt alar diýip çaklanylsa, iňlis dilinden ýa-da başga bir dilden sinhron (şol bir wagtyň özünde) terjime etmek kömege gelýär. Söz sözleýäniň çykyşy bilen bir wagtda diýen ýaly terjime ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtyň özünde ýörite ses enjamlarynyň: nauşnik (diňe gulaga eşitdirýän abzal), mikrofon, ses ulgamy, terjimeçiler üçin otaglar bar. Şunda terjimeçi depgini ýitirmezlige synanyşýar, şonuň üçin söhbetdeşligiň mowzugyna çuňňur pikirlenip düşünmäge onuň wagty bolmaýar.