«Sapaly ýollar» HK-da Siz dürli ugurlarda tehniki resminamalary terjime etmek boýunça hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz. Öz alyp barýan işlerine laýyklykda dünýäniň dürli ýerlerindäki beýleki kärhanalar bilen hemişe hyzmatdaşlyk edýän senagat, önümçilik we beýleki kärhanalar bilen iş salyşýan adamlar bu hyzmatlardan peýdalanýarlar.

Biziň Merkezimiziň hünärmenleri iňlis we köp beýleki dillerden ýokary hilli tehniki terjime hyzmatlaryny hödürleýärler (umuman, biz 20 dürli ugurlar boýunça iş alyp barýarys). Işleriň şeýle görnüşi babatda aýdylanda bolsa, onuň ýerine ýetirilmegi üçin biz iň ussat ýokary hünärli işgärleri ulanýarys. Meseleleri çözmek üçin tehniki bilen lingwistik ugurlaryň ikisi boýunça-da sowatly hünärmenler işe çekilýär. Şeýle çemeleşmäniň esasynda hem hyzmatyň hili ýokarlanýar.

Tehniki terjimeler: biz haýsy ugurlar boýunça işleýäris?

«Sapaly ýollar» HK ol ýa-da beýleki önümçilik kärhanalarynyň işleriniň ýeterlik giň çäklerini öz içine alýar. Biziň terjimeçilik merkezimiziň işgärleriniň eýe bolan ýörite bilimleri aşakdaky ugurlarda ýokary hilli terjimeçilik hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär:

✓ maşyn gurluşygy önümçiligi;

✓ ýeňil we agyr senagat;

✓ awiatehnika önümçiligi;

Haçanda gürrüň aşakdaky ugurlar hakynda baranda, ýörite tehniki terjimeçilik hyzmatyna has köp isleg bildirilýär:

✓ nebit alýan pudaklar;

✓ energetika we gaz bilen üpjün etme bilen baglanşykly kärhanalar;

✓ gurluşyk.

Lukmançylyk häsiýetli dürli tehniki resminamalary iňlis dilinden rus diline terjime etmäge köp isleg bildirilýär.

Ylmyň dürli pudaklarynda –himiýada, matematikada, fizikada we beýlekilerde daşary ýurtly şahslaryň kabul etmegi üçin ol ýa-da beýleki teksti adaptirlemäge bolan zerurlyk bilen hemişe ýüzbe-ýüz bolunýar.

Başgaça aýdan-da, tehniki resminamalar terjime edilende aşakdakylar bilen iş salyşylýar:

✓ ulanyjylar üçin niýetlenen gollanmalar;

✓ nutuklar, tanyşdyryjy çykyşlar, referatlar;

✓ inžener-aragatnaşyk ulgamlarynyň meýilnamalary;

✓ çyzgylar, tehniki resminamalar we shemalar;

✓ dürli patent resminamalary;

✓ tehniki şertler.

Ýokarda agzalan ugurlaryň islendigi boýunça ýöriteleşen bilimler «Sapaly ýollar» HK-niň işgärlerine islendik çylşyrymlykdaky ýumuşlaryň üstünde çalt we ýokary hilli işlemäge mümkinçilik berýär.