Terjimeçilik merkezi barada:
«Sapaly ýollar» HK-nyň Terjimeçilik merkezi dünýäniň aglaba dillerinden tekstleri terjime etmäge we kätipçilik hyzmatlaryny üpjün etmäge ýöriteleşendir. Üpjün edýän hyzmatlarymyz tekstleri terjime etmegiň ähli ugurlaryny öz içine alýar we şol bir wagtda, işewürlik bilen şahsy taraplaryň ikisi üçin hem meselelerini çözmäge kömek edýär. Biz çalt we ýokary hilli terjime edýäris.
Biziň kärhanamyza terjime etmegi sargyt bermek – bu üpjün edilýän hyzmatlaryň hiline ynamlylykdyr. Ýörite ýokary hünärli terjimeçiler topary dürli hünär ugurlarynda islendik häsiýetli wezipeleri çözmekde köptaraplaýyn çemeleşmäni kepillendirýär. Iş ýerine ýetirilýärkä alnan maglumatlaryň gizlinligini üpjün edilýär. Merkeziň toparynda dürli dilleri bilýän we dürli ugurlarda we pudaklar boýunça ýöriteleşen 40 gowrak ussat hünärmen zähmet çekýär.
Terjimäniň görnüşleri:
Aşakdakylary öz içine alýar, emma olar bilen çäklenmeýär:
✓ tehniki resminamalaryň terjimesi;
✓ hukuk resminamalarynyň terjimesi;
✓ lukmançylyk resminamalarynyň terjimesi;
✓ ykdysady we maliýe resminamalarynyň terjimesi;
✓ ylym-bilim resminamalarynyň we çeper işleriň terjimesi;
✓ mahabat materiallarynyň terjimesi;
✓ şahsy häsiýetli resminamalaryň terjimesi
Kätipçilik hyzmatlary:
Tekstleri ýygma
Usulyýet, hil dolandyryşy we barlagy
Maşyn terjimeçilik hyzmatlaryndan peýdalanmak bütinleý gadagan edilýär!
Şunuň bilen birlikde, işde elektron sözlükler we terjimeleri ýygnaýan programmalar, terjimeleri ýadynda saklaýan programmalar ulanylýar.
Terjimäniň meňzeşligi. Terjime edilýän dilde gürleýän tarapyndan edil asyl nusgada - asyl nusganyň dilinde gürleýän ýaly kabul edilýän terjime bire-bir meňzeşdir. Müşderiniň talaplary hökmany suratda ýerine ýetirilmäge degişlidir, üpjün edilen sözlüklerden we nusgalardan hökmany suratda ugur alynmalydyr.
Beýleki meňzeş resminamalara laýyklygy. Eýýäm terjime edilen tekste ýa-da adaty resminamalara goşulan bölekler terjime edilende iberilen nusgalara, terjimäni ýadynda saklaýan programma we sözlüklere berk eýermek bilen, terjimäniň tekstiniň stili we adalgalaryň birmeňzeşligi üpjün edilýär. Diliň kadalaryna we düzgünlerine laýyklygy. Terjime ilkibaşda terjimäniň dilinde ýazylan ýaly görünmelidir.
Teksti redaktirleme, orfografiýany we grammatikany barlama.
Redaktirleme – bu terjimäniň hiline gözegçilik etmegiň guralydyr. Adatyça, materialyň terjimesi nukdaý nazaryndan tamamlanan iş redaktirlenilýär, ýagny eýýäm terjimeçiniň özi tarapyndan okalan we barlanan, elýeter awtomatik serişdeler arkaly harp ýalňyşlary we grammatikasy barlanan tekst göz öňünde tutulýar.
Tekstiň terjime edilýän dilini örän gowy bilmekden başga-da, terjimäniň hili ýene-de birnäçe beýleki faktorlara gös-göni bagly bolup durýar:
1. Tematik we terminologik çylşyrymlylyk;
2. Uly göwrümli materiallary terjime etmek üçin berilýän gysga möhletler.
Iň gowy netijeleri gazanmak üçin biziň kärhanamyz materialyň tematikasyna we terminologiýasyna laýyklykda tejribeli we şol ugurdan ýöriteleşen terjimeçini işe çekýär. Tekstiň mazmuny we jikme-jikligine degişli jedelli meseleler ýüze çykan ýagdaýynda, biz müşderi bilen aragatnaşygy saklaýarys.